Alla
Allah - (arap. الله — [Allah] (diňlemek)) Älemleri döreden, Kyýamat (direliş) günüň eýesi, ýeke-täk Hudaýy aňladýan arap sözidir.
Arap bolmadyk musulmanlar hem Hudaý sözüne derek Allah sözüni ulanýarlar. Allah barada Kuranda we sünnetde belli derejede maglumatlar bar, ýöne Allahy pikirlenip bilmek adamyň aňyna başartmaz. Yslam dinimiziň ynanç esaslaryna görä Alla ýaradan zatlarynyň hiç birine meňzeýän däldir. Allahy ýaradylanlara meňzetmek şirkdir. (Towa gelinmedik halatynda Allahyň bagyşlamajak günälerine şirk diýilýär.) Ahlusunnah wal-jama’a-nyň akydasyna göra, Allahyň özüni Kuran we Sünnet (Sahih Hadislar) sypatlandyrşyna ynanmaly we şonuň özi bilen hiç bir zat bilen meňzeş (deň) däldigine hem ynanmaly. Gysgaça, aýdylanda bu hakda äl-Ihlas surasynda aýdylýar. Allahdan başga birine doga bilen (kömege) çagyrmak şirk.
Gurhan
Iň gözel atlar Allahyňkydyr‚ şeýle bolsa, bu atlar bilen Oňa doga-dileg ediň! Onuň ady babatda Hakdan azaşanlary terk ediň! Olar edenleriniň jezasyny çekerler.
- — Kuran 7:180.