Mani

Mani

Maniheýçilik — görnükli ýazyjy, hudožnik we alym täze dini taglymaty dörediji Mani ibn Patik 216 ý 14-nji aprelde Wawilonda dogulýar. Ejesi Merýem Parfiýaly bolup, Arşakitler bilen garyndaş bolupdyr. Kakasy Patik Hemedanly bolup ol hem Arşanitler maşgalasyndan bilen garyndaş bolupdyr.[1] Soñ ol Hindistana,Turana, Wawilona, Midiýa aýlanyp öz dini taglymatyny ýaýradýar.Ol Şapur I bilen hem tanyşýar. 261 ý Müsürde bolýar, ol ýerde hem öz dinini ýaýradýar.[1] Ol Şapur I ogly Ormizda I döwründe 272-273 ýylda hem dinini ündäp gezýär. Tagta Şapur I başga ogly Bahram I ( 273-76ý.ý ) ýerly ruhanylar Manynyñ taglymatyny ýazgarýarlar we Bahram I hem oña garşy goýýarlar. Bahram I Manini 276 ýylda zyndana taşlaýar. Mani ol ýerde jebir çekip ölýär.[1]

Çeşme

  1. 1.0 1.1 1.2 A. Gubaýew, Ý. Orazgylyjow, T. Sahydow. Türkmenistanyň taryhy (iň gadymy döwürden VII asyra çenli). Ýokary okuw mekdepleriniň taryh hünäriniň talyplary üçin synag okuw kitaby. Aşgabat, 2010.s.314.